Кофеварка Saeco SM8889/00 - инструкция пользователя по применению, эксплуатации и установке на русском языке. Мы надеемся, она поможет вам решить возникшие у вас вопросы при эксплуатации техники.
Если остались вопросы, задайте их в комментариях после инструкции.
"Загружаем инструкцию", означает, что нужно подождать пока файл загрузится и можно будет его читать онлайн. Некоторые инструкции очень большие и время их появления зависит от вашей скорости интернета.
583
Türkmençe
Kesmek aýyrmak prosedurasynyň arasy üzülse näme etmeli
Dolandyryş panelinde açmak/öçürmek şekiljigini basmak arkaly kesmek aýyrmek prosedurasyndan çykyp
bilersiňiz. Kesmegi aýyrmak prosedurasy doly tamamlanmanka onuň arasy kesilse, suw gabynda ýa-da suw
konturynda kesmegi aýyrýan serişdäniň belli bir möçberi galyp biler. Şeýle ýagdaýda aşakdakylary ýerine
ýetiriň:
1
Suw gabyny boşadyň we mazaly ýuwup durlaň.
2
Suw gabyna CALC CLEAN dereje görkezijisine çenli arassa suw guýuň we gaýnadyjyny täzeden işlediň.
Gaýnadyjy gyzar we awtomatik ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirer.
3
Islendik içgini gaýnatmazdan öň, el bilen ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetiriň. El bilen ýuwup
durlamak döwresini ýerine ýetirmek üçin, ilki bilen gyzgyn suw gabyndaky suwuň ýarysyny akdyryň,
soňra üwelen kofe goşmazdan taýýar üwelen kofeden 2 çaşka demläň.
Bellik: Kesmek aýyrmak prosedurasy tamamlanmadyk bolsa, gaýnadyjy mümkin bolan tiz wagtda ýene
kesmek aýyrmak prosedurasyny talap eder.
Näsazlyk kodlary
Aşakda öz çözüp biljek problemalaryňyzy görkezýän näsazlyk kodlarynyň sanawyny taparsyňyz. Wideo
görkezmeler
www.saeco.com/care
salgysynda elýeterlidir. Eger başga näsazlyk kody peýda bolsa,
ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň. Habarlaşmak baradaky maglumatlar
üçin kepillik talonyna serediň.
Näsazlyk
kody
Mesele
Ähtimal çözgüt
01
Kofe guýgujy dykyldy.
Gaýnadyjyny öçürip, tokdan sogruň. Gaýnadyş toparyny aýryň.
Soňra, üwelen kofe bölüminiň gapagyny açyp, çemçe sapyny
sokuň. Dykylan üwelen kofe aşak gaçýança, sapy aşak-ýokaryk
süýşüriň (Sur. 28). Şuňa baryň:
www.saeco.com/care
jikme-jik
wideo görkezmeler üçin.
03
Gaýnadyş topary hapa
ýa-da gowy
ýaglanmadyk.
Gaýnadyjyny öçüriň. Gaýnadyş toparyny arassa suw bilen ýuwup
durlaň, howada guradyň we soňra ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş
toplumyny ýaglamak'). "Gaýnadyş toparyny arassalamak" babyna
ýüz tutuň ýa-da şuňa baryň:
www.saeco.com/care
jikme-jik
wideo görkezmeler üçin. Soňra gaýnadyjyny täzeden işlediň.
04
Gaýnadyş topary dogry
orunda goýulmadyk.
Gaýnadyjyny öçüriň. Gaýnadyş toparyny aýryp, täzeden dakyň.
Gaýnadyş toparyny girizmezden öň, onuň dogry orunda
durandygyny anyklaň. "Gaýnadyş toparyna çemeleşmek" babyna
ýüz tutuň ýa-da şu salga giriň:
www.saeco.com/care
jikme-jik
wideo görkezmeler üçin. Soňra gaýnadyjyny täzeden işlediň.
05
Suw berýän konturda
howa bar.
Öçürip we işledip, gaýnadyjyny täzeden açyň. Eger ol işe ýarasa,
2-3 çaşka gyzgyn suw guýuň. Uzak wagtlap gaýnadyjynyň
kesmegini aýyrmadyk bolsaňyz, onda kesmegini aýryň.
AquaClean filtri
dakylmanka talabalaýyk
taýýarlanmandyr ýa-da ol
dykylypdyr.
AquaClean filtrini aýryp, täzeden kofe gaýnadyp görüň. Eger ol işe
ýarasa, AquaClean filtrini yzyna goýmazdan öň talabalaýyk
taýýarlanandygyny anyklaň (Ser. 'AquaClean suw filtrini
işjeňleşdirmek (5 min.)'). AquaClean filtrini suw gabyna yzyna
goýuň. Şonda-da işe ýaramasa, filtriň dykylan ýa-da çalşyrylmaly
bolmagy mümkin.
Характеристики
Остались вопросы?Не нашли свой ответ в руководстве или возникли другие проблемы? Задайте свой вопрос в форме ниже с подробным описанием вашей ситуации, чтобы другие люди и специалисты смогли дать на него ответ. Если вы знаете как решить проблему другого человека, пожалуйста, подскажите ему :)