Парогенераторы Philips HI5918/20 - инструкция пользователя по применению, эксплуатации и установке на русском языке. Мы надеемся, она поможет вам решить возникшие у вас вопросы при эксплуатации техники.
Если остались вопросы, задайте их в комментариях после инструкции.
"Загружаем инструкцию", означает, что нужно подождать пока файл загрузится и можно будет его читать онлайн. Некоторые инструкции очень большие и время их появления зависит от вашей скорости интернета.

96
Bug berip başlamak üçin bug goýberiji düwmäni basyp saklaň. Ütüklemekde iň oňat netijeleri gazanmak
üçin bug bilen ütükläniňizden soň ütügi birnäçe gezek bugsuz degriň.
Awto-öçürmek tertibi
Şu seriýadaky belli modellerde awto-öçürmek tertibi bar.
-
Energiýany tygşytlamak üçin enjamyňyz 5 minutlap ulanylmasa, ol awtomatik ýagdaýda öçýär. Ütügiň
taýýardygyny görkezýän çyra ýanyp-öçýär.
-
Enjamy gaýtadan işjeňleşdirmek üçin açýan/öçürýän düwmäni “off” (Öçürilen) ýagdaýyna, soňra “on”
(Açyk) ýagdaýyna eltiň. Soňra enjam gaýtadan gyzyp başlaýar.
Arassalamak we abatlamak
Smart Calc-Clean ulgamy
Kesmegi aýyrmagyň we arassaçylygyň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin enjamyňyz Smart
Calc-Clean ulgamy bilen işlenip düzülen. Bu enjamdan güýçli buguň öndürilmegini üpjün etmäge we
wagtyň geçmegi bilen ütügiň dabanyndan hapalaryň hem-de tegmilleriň çykmagynyň öňüni almaga
ýardam berýär. Arassaçylyk işiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen bug öndüriji belli aralyklar
bilen ulanyja ýatladýar.
Sesli we çyraly Calc-Clean ýatladyjysy
1 - 3 aýlap ulanylanyndan soň Calc-Clean çyrasy ýanyp-öçüp başlaýar we enjam Calc-Clean işini ýerine
ýetirmelidigiňizi ýatlatmak üçin sesli duýduryş berip başlaýar (Şekil 3).
Peýdaly maslahat: Bug goýberiji düwmä basmazdan gurulygyna ütüklemäge dowam edip bilersiňiz.
Mundan başga-da, bug öndürijini çökündilerden goramagyň ikinji gorag ädimi hem ornaşdyrylan:
çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilmese, bug funksiýasy işlemän galýar. Çökündileri aýyrmak ýerine
ýetirileninden soň bug funksiýasy gaýtadan işläp başlaýar. Bu, ulanylýan suwuň görnüşine garamazdan
bolup geçýär.
Bellik: Çökündileri aýyrmak funksiýasyny islendik wagt, hatda sesli duýduryş we ýatladyjy çyra heniz
ýanmadyk bolsa hem ulanyp bolýar.
Calc-Clean gaby bilen çökündileri aýyrmagy ýerine ýetirmek
Duýduryş: Çökündiler arassalanýan wagty enjamy gözegçiliksiz galdyrmaň.
Seresap boluň: Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gapdan ýokary götermek arkaly işiň arasyny
bölmäň, ýogsam ütügiň dabanyndan gyzgyn suw we bug çykar.
1
Suw gabyny ýarysyna çenli dolduryň (Şekil 4).
Bellik: Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä enjamyň toga dakylandygyna we IŞLEDILENDIGINE göz
ýetiriň.
2
Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gaby ütük tagtasynyň üstünde ýa-da başga bir tekiz, durnukly ýerde
ýerleşdiriň.
3
Ütügi çökündileri aýyrmakda ulanylýan gabyň üstünde durnukly görnüşde ýerleşdiriň (Şekil 5).
Bellik:Çökündileri aýyrmakda ulanylýan gap çökündiler aýrylýan wagty çykýan çökündi bölejiklerini
we gyzgyn suwy ýygnamaga niýetlenilen. Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýän wagty ütügi şu gabyň
üstünde goýmak bütinleý howpsuz bolup durýar.
4
Gysga sesli duýduryşlary eşidýänçäňiz Calc-Clean düwmesini 2 sekuntlap basyp saklaň (Şekil 6).
5
Çökündileri aýyrmak ýerine ýetirilýärkä gysga sesli duýduryşlary we nasosyň sesini eşidersiňiz (Şekil 7).
Türkmençe
Характеристики
Остались вопросы?Не нашли свой ответ в руководстве или возникли другие проблемы? Задайте свой вопрос в форме ниже с подробным описанием вашей ситуации, чтобы другие люди и специалисты смогли дать на него ответ. Если вы знаете как решить проблему другого человека, пожалуйста, подскажите ему :)













